Singapurly alymlar derman serişdelerini bedende barmaly ýerine eltmek üçin mikrorobotlary döretdiler

  • 30.10.2024 11:15
  • 4.7k+

Nanýan Tehnologiýa Uniwersitetiniň (NTU Singapore) alymlary dänäniň ölçegindäki mikrorobotlary oýlap tapdylar. Olar bedeniň içinde dermany barmaly ýerine eltmek üçin niýetlenendir.

Bu gurluşlar magnit meýdanlarynyň täsiri astynda hereket etmek bilen, derman serişdelerini öňünden kesgitlenen yzygiderlilikde goýbermek ukybyna eýedir we dört derman serişdesine çenli daşap bilýär, muny ozal lukmançylyk mikrorobotlary ýerine ýetirip bilmeýärdi.
Barlagçylar 1960-njy ýyllarda çykarylan “Hyýaly syýahat” (“Фантастическое путешествие”) filminden ylham aldylar. Şol filmde suwasty gäminiň ekipažy öýjügiň ölçegine çenli kiçeldilip, bir alymyň beýnisine ýeten zeperi aýyrmak üçin bedene goýberilýär.

“Ýarym asyr mundan ozal filmde hyýaly ýaly görünýän zat indi hakykata öwrülýär. Gerdejikler ýa-da sanjymlar ýaly, adaty derman serişdelerini iberiş usullary, derman  serişdesini göni barmaly ýerine eltmek mümkinçiligi bilen deňeşdirilende, az netijeli görünýär"- diýip, taslamanyň ýolbaşçysy professor Lam Go Çžan belleýär.

Mikrorobotlar bedeniň içindäki çylşyrymly päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän magnit mikrobölejiklerini we polimerleri goşmak bilen, kompozit materiallardan ýasalýar.
Singapuryň Milli uniwersitet hassahanasynyň kliniki lukmany Leonard Ýeo täze önümiň minimal inwaziw proseduralarda ulanylýan kateterleriň ornuny tutjakdygyna ynanýar. Robotlar özbaşdak hereket edip, dermany gerekli ýerine eltip bilerler. Mundan başga-da, bedeniň içinde galyp, derman serişdelerini kem-kemden goýberip bilmek mümkinçiliginiň bardygy üçin bu enjamlar kateterlerden we stentlerden has ygtybarly bolar.
NTU toparynyň işinde indiki ädim robotlaryň miniatýurlaşdyrylmagydyr. Geljekde howply beýni çişleri, öt haltasynyň rak keseli we kolorektal rak ýaly çylşyrymly keselleri bejermekde ulanylyp bilner.
Häzir alymlar emeli beden agzaly çiplerde we haýwan modellerinde goşmaça gözlegler geçirmäge taýýarlanýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....