Arheologlar Gruziýadaky gadymy rim galasyndan Ýupiter üçin berlen altyn sadakany tapdylar

  • 29.10.2024 21:48
  • 9.8k+

Warşawa uniwersitetiniň arheologlary Gruziýada ýerleşýän Gonio rim galasyndan gadymy rim esgerleriniň howandary keramatly Ýupiter Dolihene sadaka hökmünde bagyşlanan täsin altyn tabagy tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berýär.

Bu açyş, takmynan 2000 ýyl ozal Rimiň Kapadokiýa welaýatynyň serhedinde gurlan gadymy galanyň çäginde her ýyl geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy.
Batuminiň golaýynda saklanyp galan Gonio rim galasy esgerler tarapyndan diňe bir harby baza hökmünde ulanylmandyr. Täze geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň görkezişi ýaly, bu ýerde rim harby düşelgeleri üçin adaty bolmadyk iri keramika we çakyr önümçiligi bolupdyr.
Alymlaryň bellemegine görä, şeýle seýrek hem oňat goralýan tapyndynyň ýüze çykarylmagy rim esgerleriniň arasynda Ýupiter Doliheniň dini täsirini görkezýär.
Arheologlar Ýupitere sadaka hökmünde bagyşlanan altyn tabakdan başga-da, bu ýerden hudaýyň hökmürowan (kult) taraplaryny alamatlandyrýan öküziň we bürgüdiň bürünçden ýasalan heýkellerini tapdylar.


22.06.2026 23:12
4.3k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......