Deep Blue Aerospace hytaý kompaniýasy kosmos syýahaty üçin 140 müň dollara petek satdy

  • 28.10.2024 14:34
  • 3.5k+

Hytaýyň Deep Blue Aerospace kompaniýasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýän kosmos syýahaty üçin ilkinji petekleriň satylandygyny aýtdy diýip, CNN habar berýär.

Petegiň bahasy 1 mln ýuan (takmynan, 140 müň dollar) boldy we ähli petekler millionlarça tomaşaçyny özüne çeken onlaýn ýaýlymda derrew satyn alyndy. Kompaniýa alyjylaryň adyny aýan etmeýär.
Uçuş 100 – 150 km belentlige galmagy göz öňünde tutýar we ýolagçylar agramsyzlyk şertlerinde 12 minut töweregi wagt sarp edip biler. Ilkinji syýahatçylary ibermezden ozal, kompaniýa 2025-2026-njy ýyllara meýilleşdirilen birnäçe synagy geçirmegi maksat edinýär. 
Taslama köp gezeklik Nebula-1 raketasynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar, ýöne onuň synaglary heniz tamamlanmady. Geçen aý raketa ýere gonuşda ýarylyp, soňky tapgyrda heläkçiligi başdan geçirdi.
Deep Blue Aerospace beýleki hytaý kompaniýalary, şol sanda 2027-nji ýylda syýahatçylyk uçuşlaryny geçirmek meýilnamalary barada habar beren CAS Space bilen işjeň bäsleşýär.  


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......