Noýabrda Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisi geçiriler

  • 26.10.2024 12:04
  • 4.9k+

20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu baradaky teklibi anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu çäreleri Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri geçirmek hakynda degişli resminamalaryň esasynda guramak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Belläp geçsek, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi.


şu gün 07:51
278

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
864

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......