Aşgabatda «Sanly çözgüt-2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy

  • 26.10.2024 07:07
  • 3.2k+

Aşgabatda "Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlandy. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir diýip, agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirilýär:

  • emeli aň
  • robotlaryň tehnikasy we awtomatizasiýa
  • akylly oba hojalyk tehnologiýalary
  • "Akylly şäher"
  • bilim we elektron okuw
  • sanly lukmançylyk
  • hyzmat ediş ulgamy.

Degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan emin agzalary taslamalary birnäçe ölçegler boýunça baha bererler. Olaryň arasynda durmuş-ykdysady şertlerde (sanly çözgütleri) ornaşdyrmagyň mümkinçiligi we derwaýyslygy, ykdysady netijeliligi, oýlap tapyşyň hili, dizaýny we ulanmak amatlylygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmekde innowasiýa usullaryny ulanmak bar.
Bäsleşigiň ýeňijileri Aşgabatda 14-16-njy noýabrda geçiriljek "Türkmentel-2024" halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde mälim ediler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....