Hytaý Ýere Weneranyň atmosferasynyň nusgalaryny getirer

  • 26.10.2024 06:44
  • 1.9k+

Hytaý Weneranyň atmosferasynyň nusgalaryny Ýere getirmegi meýilleşdirýär. SpaceNews-yň habar bermegine görä, şeýle missiýa 2050-nji ýyla çenli kosmos ylmyny ösdürmegiň täze Milli meýilnamasynda göz öňünde tutulandyr.

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Din Çibýao öňdebaryjy kosmos döwleti statusyna eýe bolmak üçin meýilleşdirilen işleriň doly ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Strategiýa üç tapgyry öz içine alýar.
2027-nji ýyla çenli tamamlanjak birinji tapgyrda eýýäm tassyklanan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Çibiao ikinji tapgyryň (2028-2035) Tianwen-4 missiýasynyň Ýupitere uçurylmagyny, Halkara Aý barlag stansiýasynyň (ILRS) gurluşygyny we Weneranyň atmosferasyndan nusgalary äkelmegi öz içine aljakdygyny aýtdy.
2036-njy ýyldan 2050-nji ýyla çenli döwri öz içine alýan jemleýji tapgyr, kosmos ylmy we barlag işlerinde dünýä liderligini gazanmagy maksat edinýär.


düýn 12:47
4.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

düýn 12:45
6.5k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

01.06.2026 12:01
4.8k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......

31.05.2026 20:50
9.6k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......