Alymlar soňky 10 müň ýylda iň güýçli atylan wulkanyň senesini kesgitlediler

  • 25.10.2024 11:37
  • 7.9k+

Alymlar soňky 10 müň ýylda iň uly wulkan atylmasynyň takyk senesini kesgitlediler. Netijeler Dendrochronologia žurnalynda çap edildi diýip, rbc.ru habar berýär. Gözleg işleri Ýamaldaky ýarym galyndy agaçlaryň ösüş halkalaryny öwrenmeklige esaslanýar.

Ural Federal Uniwersitetiniň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ural şahamçasynyň Ösümlik we haýwan ekologiýasy institutynyň hünärmenleri soňky 10 müň ýylyň iň güýçli wulkan atylmasyna ünsi jemlediler: olar Ilinskide (Kamçatka), Mazamada (Demirgazyk Amerika) we Kikaýda (Ýaponiýa) atylan wulkanlardyr.
Kikaý wulkany atylanda, onuň massasy 300-den 450 kub kilometre çenli zyňylyp, bu wulkan partlamalarynyň iň ulusy boldy.  Beýlekiler bilen deňeşdirsek, Ilinskiý we Mazama wulkanlarynyň zyňyndylary, takmynan, 150 kub km-e deň boldy.
Ýamaldaky agaç halkalarynda bolup biläýjek anomaliýalary seljermek, wulkan atylmasynyň senesini anyklamaga kömek etdi: onda gözlegçiler b.e.öňki 5281-nji ýyla degişli möhüm üýtgeşmeleri ýüze çykardylar.  Ösümlikleriň haýal peselmegi we halkalardaky patologiki gurluşlar, wulkan atylmasy sebäpli howanyň düýpgöter üýtgändigini görkezýär.

"Güýçli wulkan atylmasynyň netijesinde howa täsiriniň bir-üç ýyldan soň ýüze çykýandygy sebäpli, partlama özi b.e. öňki 5283-nji ýylda bolup biler" diýip, alymlar netijä geldiler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....