Serdar Berdimuhamedow halkara ýagdaýyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreleri teklip etdi

  • 24.10.2024 20:45
  • 8.4k+

Jogapkärçilikli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýyny kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri teklip edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammitindäki çykyşynda aýtdy.

"Bu babatda ýurdumyz BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara Guramanyň esasy hyzmatdaşlary hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly dialog, ynanyşmak we açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar.

«Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydyklaryna ynanýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär diýip, TDH habar berýär.


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......