3,2 milliard ýyl ozal Ýere gaçan äpet meteorit ýaşaýşa nähili täsir edipdir?

  • 24.10.2024 20:26
  • 13k+

Garward uniwersitetiniň alymlary 3,2 milliard ýyl ozal Ýere gaçan äpet meteoritiň irki mikroorganizmleriň ewolýusiýasynda möhüm faktor bolandygyny ýüze çykardylar. Bu täze açyş barada "Proceedings of the National Academy of Sciences"-e salgylanyp, CNN ýazýar.

S2 diýlip atlandyrylýan kosmos obýektiniň dinozawrlary ýok eden Çiksulub asteroidinden 50-200 esse uludygy bellendi.
Alymlar topary Mahonjwa daglarynda (Günorta Afrika) S2-iň gaçmagynyň geologiki yzlaryny, sferit elementleri bolan gaýalaryň gatlaklarynda meteoritler gaçanda emele gelýän mikroskopiki bölejikleri tapdylar.
Bu sferitleriň seljermesi, çaknyşygyň Ýer ýüzünde global üýtgeşmelere sebäp bolandygyny görkezdi.
Meteoritiň täsiri äpet sunamilere sebäp boldy we ummanlaryň ýokarky gatlaklaryny gaýnadyp, birnäçe aýlap asmany garaňkyladan tozan we galyndylary çykardy.
Gözlegçi Nadi Drabonyň sözlerine görä, şol döwürdäki ummanlar häzirkisinden düýpgöter tapawutly eken: demriň köp bolmagy sebäpli, olar ýaşyl bolupdyr, içindäki ýaşaýyş gaty az eken. Diňe bir öýjükli bakteriýalar we arheýalar bolupdyr. Suwda ýokumly maddalar az bolup, ýaşaýşyň ösüşi haýaldy. Şeýle-de bolsa, betbagtçylyk bir öýjükli organizmleriň köpelmegine uly goldaw berdi. Ummanyň düýbünden tapylan demir we meteoritden çykan fosfor bakteriýalaryň ösmegi üçin güýçli katalizator boldy.
Arheý ummanlary ozal “biologiki çöllük” diýlip atlandyrylyp, Ewerest dagynyň dört esse ululygyndaky kosmos gaýasy bilen çaknyşmagy netijede ýaşaýşyň ösmegi üçin zerur “dökün” boldy diýip, alymlar belleýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....