“Ferrariniň” prodýuseri Bugatti hakda film surata düşürer

  • 24.10.2024 19:25
  • 3.8k+

“Lamborgini: rowaýaty adam” we “Ferrari” filmleri bilen tanalýan italiýaly prodýuser Andrea Ierwolino premium awtomobilleriň taryhy bilen baglanyşykly nobatdaky taslama girişdi. Bu gezek ol Bugatti kompaniýasyny esaslandyryjy Ettore Bugatti hakynda biografik film çykarar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Film şu ýyl surata düşürilip başlanar we Italiýada hem Fransiýada geçiriler. Ol belli markanyň döredilişi we 1939-njy ýylda ogly Žany ýitiren Ettoreniň şahsy betbagtçylygy barada gürrüň berer. Žan Bugatti täze awtomobiliň synag wagty ölýär, bu hem onuň kakasy üçin agyr zarba bolýar.
Häzirki wagtda Ierwolino režissýorlar we ssenariýaçylar bilen gepleşikleri geçirip, iňlis dilinde düşüriljek filmiň üstünde işlemek üçin halkara topary döredýär.
Öň, biz prodýuseriň tiz wagtdan “Mazerati: Doganlar” biografik filminiň surata düşürilişine goşuljakdygyny habar beripdik. Filmde baş keşpleri Mikele Marrone we Entoni Hopkins ýerine ýetirer, režissýor hökmünde Bobbi Moresko çykyş eder.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......