Doganlar Mazeratiler hakynda film düşüriler. Entoni Hopkins baş keşbi janlandyrar

  • 18.10.2024 10:33
  • 3.1k+

Ferruçço Lamborgini hakyndaky terjimehal filmi bilen tanalýan kinorežissýor Robert Moresko indi meşhur Mazeratileriň awtoulag maşgalasy barada film döreder diýip, Variety habar berýär.

“Mazerati: Doganlar” (Мазерати: Братья) filminde üç doganyň - Alfýeri, Ettore we Ernesto Mazeratileriň 1914-nji ýylda Bolonýada meşhur italýan awtoulag kompaniýasyny nädip esaslandyrandygy barada gürrüň berilýär.
Filmiň aktýorlar düzümine iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Entoni Hopkinsiň goşuljakdygy eýýäm mälim boldy. 86 ýaşly aktýor ýaňy ýola düşen doganlar Mazeratileri goldaýan täsirli italýan maýadarynyň keşbini ýerine ýetirer.
Öň “Lamborgini: Rowaýaty adam” we “Ferrari” filmleriniň üstünde işlän Andrea Iýerwolino filmiň prodýuseri bolar. Ol Entoni Hopkinsiň surata düşürýän filmine gatnaşmagyny "arzuwyň hasyl bolmagy" diýip atlandyrdy.

"Onuň çylşyrymly gahrymanlary janlandyryp biliş ukyby, gürrüňsiz, filmimizi iň gowy filme öwrer" diýip, Iýerwolino belledi.

Filmiň sýužetiniň jikme-jiklikleri entek açylmady, ilkinji gezek görkeziljek senesi hem entek belli däl.


düýn 22:06
539

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......