Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

  • 22.10.2024 13:05
  • 3k+

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2024-2029-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Mejlise sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar. Atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.
Lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......