Tim Kuk: Apple dünýäde iň gowy emeli aň ulgamyny döreder

  • 22.10.2024 12:51
  • 3.3k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk kompaniýanyň IT bazaryndaky iň gowy emeli aň (AI) ulgamyny döretjekdigini mälim etdi.

Ol muny "The Wall Street Journal" (WSJ) gazetine beren interwýusynda aýtdy diýip, lenta.ru ýazýar.
Kukuň sözlerine görä, “Apple” gadjetler üçin AI funksiýalaryny döreden ilkinji kompaniýa däldi. "Ýöne biziň pikirimizçe, ulanyjylarymyz üçin nerw ulgamynyň iň gowusyny biz taýýarladyk" diýip, IT ägirdiniň başlygy belledi. Tim Kuk “Apple” öz emeli aňyny gaýtadan işläp, ony dünýäde iň gowy edip taýýarlajakdygyny wada berýär.
Kuk žurnalistlere korporasiýanyň AI bazaryna ilkinji bolup girip bilmezliginden alada galmaýandygyny aýan etdi. Telekeçi: “Görnüşi ýaly, gaty gowy nerw ulgamyny döretmek hakykatdanam kyn. Munuň üçin köp gaýtalanma gerek. Her jikme-jiklik barada alada etmeli" diýip, belleýär.
Amerikan kompaniýasynyň başlygy, her gün öz işinde “Apple Intelligence” nerw ulgamyny ulanýandygyny aýtdy: “Bu meniň durmuşymy üýtgetdi. Bu hakykatdanam üýtgeşiklik döretdi". AI-niň peýdalaryny suratlandyryp, Kuk ýuwaş-ýuwaşdan “günlerde, hepdelerde, aýlarda” ýygnanyp başlan wagtynyň birnäçe minudyny tygşytlap başlandygyny aýan edýär.
“PhoneArena”-nyň žurnalistleri ozal “Apple-iň" içinde has güýçli prosessor gurmak arkaly täze “iPad mini” planşetiniň güýjüni ýörite azaldandygyny mälim etdiler. Megerem, şuňa meňzeş çipler “iPhone 15 Pro-nyň” önümçiliginden galan bolsa gerek.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......