Hytaýyň G1 gumanoid roboty bökmek boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 22.10.2024 08:19
  • 6.1k+

Hytaýyň Unitree kompaniýasy özüniň G1 gumanoid robotynyň täze gazanan üstünligini mälim etdi. Ol özüne meňzeş maşynlaryň arasynda uzynlygyna bökmek boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Robot duran ýerinden 1,4 metr uzynlygyna bökmegi başardy, bu häzirki wagta çenli gumanoid robot üçin iň uzyn böküşdir.
Boýy 1,32 metr bolan G1 öz kategoriýasy üçin täsin fiziki ukyplary görkezýär. Üstünligine garamazdan, onuň netijesi henizem adamyň gazananlaryndan yzdadyr, adamlaryň arasynda duran ýeriňden bökmek boýunça dünýä rekordy 3,73 metr bolup, ol amerikaly Baýron Jons tarapyndan 2015-nji ýylda goýuldy.
Işläp düzüjiler bökmezden ozal türgenleşýärkä çeýeligini we hereketliligini görkezýän G1-iň wideosyny görkezdiler. 23-den 43 dereje erkinlik aralygy we sekuntda 2 metre çenli hereket etmek tizligi bolan bogunlarynyň kömegi bilen robot ýokary derejede hereket edýär. Mundan başga-da, robot iki sagada çenli işlemegi üpjün edýän 9000 mAh akkumulýator bilen üpjün edilendir.
G1-iň bahasy 16 000 dollar.


düýn 20:31
2.9k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....