Amerikan startapy eşitmeýän we eşidişi agyr adamlar üçin ilkinji akylly äýnegi çykardy

  • 21.10.2024 16:43
  • 8.2k+

Hearview startapy eşidiş kemçilikleri bolan adamlar üçin ilkinji akylly äýnegi hödürledi. Hearview Glasses diýlip atlandyrylýan enjam, sözleýşi tekste öwürýär we ony ulanyjynyň äýneginde görkezýär.

ChatGPT-niň goldawy bilen sözleýşi tekste geçiriji ulgam 95% takyklyk bilen işleýär. Äýnek sözleýiş aýratynlyklaryna uýgunlaşyp, gürleýän adamyň duýgularyny tanap bilýär.
Şeýle hem enjamda howp abanýan wagty ulanyja duýduryş bermek ýaly goşmaça peýdaly funksiýalar bar. Mysal üçin, gajet ýokary tizlikde gelýän ulagyň ýakynlaşandygyny habar berip bilýär.
Hearview Glasses-iň agramy bary-ýogy 52 gram. Bu agram ony gündelik ulanmak üçin amatly edýär. Batareýanyň zarýady 7 sagat işlemek üçin niýetlenendir we enjama zarýad bermek üçin iOS-a we Android-a gabat gelýän ýörite programmanyň bolmagy zerurdyr.
Enjamyň bahasy 800 dollar, şeýle hem AI funksiýalaryna birikdirilmek üçin aýda 79 dollar talap edilýär.


şu gün 10:51
27

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......