Täze BMW modelleri hereketlendirijisine garamazdan birmeňzeş dizaýna eýe bolarlar

  • 19.10.2024 19:17
  • 11k+

BMW kompaniýasy Neue Klasse hatarynyň çäginde geljekki benzinli we elektrik modelleri üçin umumy dizaýnyň giriziljekdigini yglan etdi diýip, 32Cars.ru habar berýär.

Maglumatlara görä, içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bolan awtoulaglar elektromobillerden daşky görnüşi boýunça tapawutlanmaz. Bu çözgüt brendiň häsiýetli elementleri bolan Vision Neue Klasse we Vision Neue Klasse X modelleriniň görkezilmegi bilen tassyklandy.
Mundan başga-da, Neue Klasse dizaýnyndaky täzelenen BMW X5-iň prototipi synag wagtynda göze ildi.
BMW-niň baş dizaýneri Adrian wan Hoýdonk täze dizaýnyň ähli modeller üçin umumy dizaýn boljakdygyny aýtdy.
Garaşylýan modelleriň önümçilik wersiýalary görkezilen awtoulaglar bilen deňeşdirilende birneme kiçi bolar, ýöne olar esasy dizaýn aýratynlyklaryny özünde jemlärler.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......