Türkmenistanyň DIM-nde Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

  • 18.10.2024 16:19
  • 5k+

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň Prezidenti Grigoriý Iwliýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

M.Bäşimowa 16-17-nji oktýabrda geçirilen Senagat nusgalaryny goramak boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşandygy we sapar bilen gelendigi üçin G.Iwliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝPG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwensiýasiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi nygtaldy.
Türkmen tarapy döwletiň hususy eýeçiliginiň obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýady kämilleşdirmegi we onuň halkara kanunçylygyna laýyk gelmegini maksat edinýän Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilişi bilen bir hatarda, bu ugurda ýurduň milli derejedäki esasy amala aşyrýan işlerini beýan etdi.
Taraplar ÝPG bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda milli işgärleriň hünär derejesini, şeýle-de intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly hukuk meseleleri boýunça gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
1.9k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......