Ilon Mask “Tesla Semi” elektrik ýük ulagynyň bütin dünýäde elýeterli boljakdygyny aýtdy

  • 17.10.2024 16:14
  • 16k+

Ilon Mask “Tesla Semi” elektrik ýük ulagynyň tapgyrlaýyn önümçilige goýberilenden soň, bütin dünýäde elýeterli boljakdygyny aýtdy diýip, IXBT ýazýar.

Häzirki wagtda heniz 2019-njy ýylda önümçilige goýberilmegi meýilleşdirilen Tesla Semi, ahyrsoňy, tapgyrlaýyn önümçilige taýýarlanýar. 
Tesla-nyň eýýäm Newadaky Gigafactory zawodynyň töwereginde az möçberli önümçilik hatary bar, ýöne geljek ýyldan başlap Tesla Semi-ni köp mukdarda öndürmek üçin häzir onuň ýanynda ýene bir zawod gurulýar. 2025-nji ýylda önümçiligi artdyryp başlamak bilen, ahyrky netijede ony ýylda 50 000 ýük ulagyna ýetirmek maksat edilýär.
Tesla Semi maksatnamasy ozal Demirgazyk Amerikanyň bazaryna niýetlenipdi, ýöne baş müdir Ilon Mask Tesla Semi-niň Ýewropadaky Gigafactory Berlin zawodynda hem öndürilip bilinjekdigini aýtdy.
Geçen aý Tesla IAA-da tanyşdyrmak üçin awtomobili Ýewropa getirdi we bu ýerde ÝB-niň düzgünlerine laýyk gelýän az-kem üýtgedilen görnüşi görkezildi. Indi Mask meýilnamanyň ulag serişdesini “bütin dünýäde elýeterli etmekden” ybaratdygyny tassyklady.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......