Aşgabatda Magtymgulynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

  • 17.10.2024 12:59
  • 1.8k+

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Çärä Türkmenistan DIM-niň, Özbegistanyň ylmy intellegensiýadan ybarat bolan wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler görnükli şahyryň döredijilik mirasynyň medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle-de Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatynyň arasyndaky arabaglanyşyga seljerme berdiler we şahyryň eserleriniň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini açyp görkezdiler.
Çykyşlaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň milli çäkleriň daşyna çykandygyny we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý eksponatlarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň sergisi guraldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyran şahyr hakynda bilelikdäki türkmen-özbek terjimehal filminiň bölekleri görkezildi.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......