Beýik Britaniýanyň çempionatynda gabaraly gök önümler Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi (foto)

  • 17.10.2024 11:41
  • 7.3k+

2024-nji ýylyň 27-29-njy sentýabrynda Wusterşirde geçirilen Beýik Britaniýanyň ägirt uly gök önümler boýunça milli çempionaty 12 sany täze rekord goýdy. Malvern Autumn Show çäresi rekord goýýan gök önümleriň we ir-iýmişleriň hakyky bolelinligine öwrüldi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Täze rekordlar:

  • ·Iň agyr kolrabi: 47 kg (Kris Marriott)
  • ·Iň agyr bolgar burçy: 966 g (Ien Nil)
  • ·Iň uzyn poreý sogany: 1,582 m (Piter Gleýzbruk)
  • ·Iň agyr seldereý: 6,33 kg (Grem Barrett)
  • ·Iň agyr gyzyl kelem: 33 kg (Kris Ewans)
  • ·Iň agyr günebakar başy: 7,046 kg (Piter Gleýzbruk)
  • ·Iň agyr noýba kösügi: 254 g (Martin Enstoun)
  • ·Iň beýik hyýar ösümligi: 6,497 m (Kewin Forti)
  • ·Iň uzyn noýba kösügi: 45,5 sm (Jeýms Braun)
  • ·Iň uzyn badamjan: 41 sm (Daşa Edwards, Kris Fauler we Kewin Forti)
  • ·Iň uzyn şalgam: 4,842 m (Jo Aterton)
  • ·Iň uzyn turp: 7,401 m (Jo Aterton)


Aýratyn üstünlikler:

Günorta Uelsden 8 ýaşly Daşa Edwards uzynlygy 41 sm bolan iň uzyn badamjany ösdürip ýetişdirmäge kömek etdi. Bu onuň ilkinji rekordy we ol ýaryşlara gatnaşmagy dowam etdirmek isleýär.
Jo Aterton iň uzyn käşir we pasternak üçin eýýäm bar bolan rekordlaryna ýene iki rekord goşup, rekordçy daýhan abraýyny berkitdi.


Ýaryşlaryň weterany Ien Nil bolgar burçunyň agramy boýunça rekord goýup, öňki netijäni 216 g tapawut bilen täzeledi.

Iň agyr seldereýli Barrettiň tituly uzak saklanmady, eýýäm soňky hepdede ýene bir britaniýaly Kertis Liç agramy 6,6 kg bolan görnüşi hödürledi.
Çempionatyň esasy emini Sebastýan Suski şu ýyl gabaraly gök önümleri ösdürip ýetişdirmegi kynlaşdyran howa şertlerine garamazdan, bäsdeşligiň ýokary bolandygyny belledi.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......