NASA ýaşaýyş gözlegi üçin Ýupiteriň hemrasyna Europa Clipper stansiýasyny uçurdy

  • 16.10.2024 18:15
  • 3.1k+

Europa Clipper kosmos enjamy Ýupiteriň Ýewropa hemrasynda ýaşaýyş üçin ýaramly şertleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny öwrenmek üçin kosmosa iberildi. Bu barada NASA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Zond SpaceX kompaniýasynyň Falcon Heavy agyr raketa göterijisiniň kömegi bilen uçuryldy. Europa Clipper ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 12:06-da (Aşgabat wagty bilen 21:06) Floridanyň Kanaweral burnundaky Kennedi kosmos merkezinden ugrady. Ilkibaşda uçuş 10-njy oktýabra meýilleşdirilipdi, ýöne “Milton” tupanynyň netijeleri sebäpli möhlet yza süýşürildi.
Enjam 2030-njy ýylyň aprel aýynda Ýupiteriň orbitasyna çykmak üçin, takmynan, 2,9 mlrd km ýol geçmeli. Kosmos enjamy Ýewropanyň töwereginde ylmy uçuşlaryny 2031-nji ýylda başlar. Zond radarlar, kameralar, ýylylygy ölçemek üçin gural ýaly ylmy gurallaryň iň çylşyrymly toplumy bilen üpjün edildi.
Europa Clipper-iň üç esasy ylmy maksady hemranyň buz örtüginiň galyňlygyny kesgitlemekden, buzasty ummanyň düzümini we geologiýasyny öwrenmek ybarat.

“Eger missiýa Ýewropanyň ýaşamak üçin ýaramlydygyny kesgitlese, bu Gün ulgamymyzda we ondan daşary ýaşaýyş üçin çak edilişinden has köp dünýäniň bardygyny aňladyp biler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýewropa Ýupiteriň planetadan uzaklygy boýunça altynjy hemrasydyr. Ol ençeme wagtlap Gün ulgamynda ýaşamak üçin iň ýaramly ýerleriň biri (Ýeri hasaba almazdan) hasaplandy. NASA-nyň Juno missiýasy 2024-nji ýylda taryhda ilkinji gezek jime-jik gözleg geçirdi. Netijeler Ýewropanyň buz üstüniň öň pikir edilenden az kislorod saklaýandygyny görkezdi.  


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....