Türkmenabat şäherinde ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet bäsleşigi geçirildi

  • 15.10.2024 14:47
  • 12k+

Türkmenabat şäherinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bäsleşik Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.
Ýaryşyň açylyşyna bagyşlanan dabaralardan soňra, bäsleşige badalga berildi. Ýörite meýilnama esasynda oňa gatnaşyjylar ýaryşyň birinji görnüş boýunça ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmekde şahsy birinjilik, ikinji görnüş boýunça estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüz ugruna ulanyp, 4x100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, üçünji we dördünji görnüşler boýunça hem degişlilikde toparlaýyn söweşjeň ýaýbaňlandyrma we zabt ediş merdiwany bilen okuw minarasynyň 4-nji gatyna çykmak boýunça bäsleşdiler.

Ýaryşyň jemi boýunça Mary welaýatyndan gelen ýangyn söndürijiler topary jemi 11402 utuk toplap, 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardylar. Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň toparlary hem degişlilikde 10928 we 7438 utuk bilen 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......