Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan forumyň jemleri jemlenildi

  • 15.10.2024 11:28
  • 1.8k+

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Ol 11-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlandy diýip, TDH habar berýär.

Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Köp sanly daşary ýurt alymlary şahyryň döredijiligine bagyşlap, ylmy işleri ýazdylar hem-de onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýäniň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijiligi adamkärçiligiň we ahlak päkliginiň nyşany bolup durýar. Şahyr öz goşgularynda watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň bu taglymlary häzirki nesiller üçin gymmatly miras bolmak bilen, onuň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....