Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 15.10.2024 11:22
  • 7k+

14-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümçelerde dowam etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň möhümdigini aýdyp, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alty ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri teklipler esasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahaty geçirildi.
Onda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Düýn parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ý.Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy M.Zokirzoda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy N.Ismoilow bilen duşuşdy. Şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.5k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......

26.05.2026 01:02
4.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......