Alymlar "Möý-adamyňky" ýaly kerep örmek tehnologiýasyny döretdiler

  • 14.10.2024 13:48
  • 6.9k+

ABŞ-nyň Tafts uniwersitetiniň alymlary öz agramyndan 80 esse agyr zatlary göterip bilýän emeli kerebi döretdiler. Bu tehnologiýa iňňeden atylýan, ýüplük görnüşinde gataýan we zatlara ýelmeşýän suwuk materialy ulanýar.

Tehnologiýanyň esasy elementi, ýüpek gurçugynyň pilelerinden alnan fibroine dofaminiň we hitozanyň goşulmagydyr. Bu garyndy süýümlere howa täsiri astynda gatamaga mümkinçilik berýär we berkligini ýokarlandyrýar.
Silklab barlaghanasynyň gözlegçileri süýümleri uzak aralykdan atyp, obýektlere ýapyşmaga we soňra ýokary galdyrmaga mümkinçilik berýän enjam döretdiler.
Bu innowasiýa tötänleýin döredi.

“Men ýüpek fibroini ulanyp, güýçli ýelimleri döretmek taslamasynyň üstünde işleýärdim. Aýna gap-gaçlary aseton bilen arassalanymda, aýnanyň düýbünde kerep ýaly bir materialyň emele gelendigini gördüm " - diýip, Taftsyň ylmy işgäri Marko Lo Presti gürrüň berdi.

Tötänleýin açyş, möý sapaklaryny öndürmek bilen baglanyşykly birnäçe inženerçilik meselelerini çözmäge mümkinçilik berdi.
Bu tehnologiýa güýçli ýelimleriň, çap görkezijileriniň we ýagtylyk ýygnaýjy materiallaryň döredilmegi ýaly ulanyşlarda uly ähmiýete eýedir.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......