NASA sekuntda 200 Gb tizlik bilen maglumatlary lazer aragatnaşygy arkaly ibermegi başardy

  • 14.10.2024 13:39
  • 4.4k+

NASA lazer aragatnaşygyny üstünlikli synagdan geçirdi we sekuntda 200 Gb maglumat geçiriş rekordyny goýdy. Bu görkezijini LCOT ýerüsti stansiýasy we Ýeriň golaýyndaky orbitada ýerleşýän TBIRD (TeraByte Infrared Delivery) hemrasynyň arasynda gazanmak başartdy diýip, Phys.org habar berýär.

Üç minutdan gowrak dowam eden synagda LCOT ilkinji lazer signalyny, "lazer nyşanyny" kesgitläp we aragatnaşyk gurup bilen TBIRD-e iberdi. Şeýle hem synagda ýokary nyşana alynýan takyklyk talaplary (bir milliradian) görkezildi.
TBIRD iki ýyllyk missiýasyny 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tamamlady we baglanyşyk wagtynda 2500 sagatdan gowrak ýokary durulykly wideo barabar bolan 5 Tb-den gowrak maglumat iberip bilerdi.
NASA iberilýän maglumatlaryň göwrümini artdyrmak üçin dürli orbital missiýalar, şol sanda Artemis II üçin lazer aragatnaşygyny işjeň ösdürýär. SCaN programmasynyň ýolbaşçysynyň kömekçisiniň orunbasary Kewin Koggins, lazer aragatnaşygynyň radio ýygylyk tolkunlaryndan 10-100 esse köp maglumat geçirip biljekdigini belledi.
LCOT taslamasynyň ýolbaşçysy doktor Haleh Safawi şeýle çylşyrymly amallary üstünlikli tamamlamak üçin takyklygyň we meýilnamalaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....