Arheologlar Tywadaky gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde skifleriň gündogar gelip çykyşyny subut etdiler

  • 14.10.2024 13:15
  • 5.3k+

Arheologlar Tywadaky (RF) Tunnug-1 depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriň netijesinde skifleriň gündogar gelip çykyşyny tassykladylar. Gözlegiň netijeleri “Antiquity” žurnalynda çap edildi.

Russiýadan (Russiýa Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýetiň taryhy instituty), ABŞ-dan (Kolorado uniwersiteti) we Şweýsariýadan (Bern uniwersiteti) bolan halkara gözlegçiler topary b.e. öňki IX asyryň depesini öwrendiler.
Gazuw-agtaryş işlerinde adam galyndylarynyň bölekleri we 18 at tapyldy. Alymlar bu jaýlanyşyň skif baştutanlarynyň biriniň hormatyna gurban berilmegiň mümkindigini çaklaýarlar. Şeýle hem bu ýerde haýwanlaryň şekilleri, at münmek üçin ulanylýan esbaplaryň elementleri ýüze çykaryldy.
Bu tapyndylar Gündogar Ýewropada giňden ýaýran skifleriň jaýlanyş däpleriniň Gündogar Sibirde dörändigini görkezýär. Şeýle-de alymlar bu mazarlar bilen Mongoliýanyň giçki bürünç eýýamynyň däpleriniň arasyndaky meňzeşligi ýüze çykardylar. Bu bolsa gündogar medeniýetleriniň skiflere ýetiren täsirini tassyklaýar.
Gözlegiň awtorlarynyň biri bolan doktor Jino Kaspari Tunnug-1 depesiniň skif medeniýetiniň taryhyna düşünmekde möhüm rol oýnaýandygy aýtdy. Tapyndylar Merkezi Aziýanyň şol döwrüň medeni we syýasy ýagdaýlaryndaky ähmiýetini görkezýär, şeýle hem skif däp-dessurlarynyň Ýewraziýanyň çarwa imperiýalary bilen baglanyşygyny tassyklaýar.
Tunnug-1 depesinde 2018-nji ýyldan bäri dowam edýän gazuw-agtaryş işleri gymmatly tapyndylary bermegini dowam edýär. Bu ýerdäki organiki materiallar "baky doňan gatlagyň" («линзе вечной мерзлоты» - ýer gabygynyň ýokarky gatlagynyň wagtal-wagtal eremeginiň ýoklugy) kömegi bilen depäniň aşagynda saklanyp galypdyr. Bu bolsa gözlegiň özboluşly bolmagyna sebäp boldy.
Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ähli taryhy gymmatlyklar (artefaklar) Aldan-Maadyr adyndaky Tywa milli muzeýine gowşurylar.


şu gün 10:53
284

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....