Bir gezeklik ýapynjalar indi ähli biletlerde elýeterli boldy – “Demirýollary” AGPJ

  • 14.10.2024 12:29
  • 26k+

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürläp başlady. Bu ädim ýolagçylaryň has arassa hem rahat syýahat etmeklerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Bir gezeklik ýapynjalar ýolagçylara tämiz düşekleri elýeterli etmek arkaly mikroblar bilen galtaşma ähtimallygyny azaldýar” diýip, “Demirýollary” AGPJ belleýär.

Ýolagçylar ýapynjalaryň arassalygyny we diňe özleri tarapyndan ulanylýandygyny bilip has rahat syýahat ederler. Bu täzelik her bir ýolagça şahsy çemeleşme esasynda hyzmat edilýändigini görkezýär.
“Demirýollary” AGPJ ähli ýolagçylaryň howpsuz, rahat we amatly syýahat etmegini gazanmaga ymtylýar.

“Bir gezeklik ýapynjalary hödürlemek bilen ähli ýolagçylaryň arassaçylyk tarapdan bolan isleglerini kanagatlandyrarys hem-de otlularyň gigiýeniki we rahatlyk şertlerini ýokarlandyrmaga tarap täze ädim edýäris” diýip, AGPJ-niň hünärmeni belleýär.

“Bir gezeklik ýapynjalary” kassadan, terminaldan ýa-da onlaýn görnüşde «Türkmenistan Railways» ykjam goşundylaryndan bilet alnanda, ýapynja görnüşini saýlap alyp bolýar. Ýapynjanyň bahasy biletiň umumy bahasyna goşular we satyn alyş işini ýönekeý hem amatly eder.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......