Magtymgulynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiri tanyşdyryldy

  • 14.10.2024 11:54
  • 2.4k+

12-nji oktýabrda Aşgabatda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Dabara şeýle hem Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Prezidentiniň ýanyndaky wekiliýet agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Institutda dabara mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Öň habar berşimiz ýaly, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidentine akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.
Ermeni tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň goşgulary parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär we medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......