Tokaýew: Magtymgulynyň eserleri adamzadyň häzirki döwürdäki meselelerine düşünmäge mümkinçilik berýär

  • 13.10.2024 15:32
  • 4.6k+

Çylşyrymly geosyýasatyň emele gelen häzirki döwründe beýik şahyryň eserleri has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şahyryň şygryýetinde ynsanperwer garaýyşlar dabaralandyrylýar, onuň goşgulary biziň hemmämize parahatçylygyň, ynanyşmagyň, özara hormatyň müdimi gymmatlyklar bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda belledi.

Magtymgulynyň eserleri diňe bir geçmişde bolan wakalaryň düýp mazmunyna göz ýetirmäge däl-de, adamzadyň häzirki döwürdäki meselelerine düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Akyldar türkmen milletiniň hem-de döwletliliginiň kemala gelmegine uly goşant goşdy diýip, gazak Lideri geçen nesilleriň şöhratly mirasyna sarpa goýmagyň her bir halkyň mukaddes borjudygyny belledi. Şeýle giň gerimli çäre Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we ähli halkynyň geçen nesilleriniň mirasyna aýawly çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Gazagystanyň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, türkmen döwletiniň mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýdyp, geljek ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini we doganlyk halkyň bu ýörelgä berk ygrarlydygyny nygtady. Türkmenistan bu hukuk derejesine üýtgewsiz eýermek bilen, öz milli bähbitlerini goraýar, halkara giňişlikde abraýyny barha berkidýär we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly goşant goşýar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunda Gazagystanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda surata düşürilen şahyr hakyndaky «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmiň uly gyzyklanma döredendigini hem-de milli telewideniýäniň ýaýlymynda görkezilendigini aýdyp, Gazagystanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigini belledi we munuň şahyryň baý mirasyny wagyz etmegiň, medeni diplomatiýany ilerletmegiň ýene-de bir täsirli guraly boljakdygyna ynam bildirdi.
Astanada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iki halkyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini alamatlandyrdy diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy hem-de Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň açylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hut düýn öz resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylandygyny buýsanç bilen belledi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....