Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 13.10.2024 14:03
  • 2.3k+

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona-Mireo Mikulesku bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Türkmenistanda geçirilýän medeni-ynsanperwer häsiýetli çäreleriň ýokary derejesi bellenip geçildi. Aşgabatda üstünlikli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Degişli şahadatnama Arkadag şäherinde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar şeýle hem arhiwleşdirmek, sanlylaşdyrmak, ylym we bilim ulgamlary babatda özara gatnaşyklary giňeltmegi maslahatlaşdylar.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......