Bäş sany germaniýaly professora Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy

  • 11.10.2024 12:39
  • 8.7k+

10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, şol sanda daşary ýurt raýatlaryny, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet, jemgyýetçilik işine uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan raýatlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, şu daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Arkadag» medaly, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglanyldy.

  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr.Meisner Johann Engelbert,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr.Dhom Günter Jakob,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr.Jansson Wolkmar,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriteleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr.Haussermann-Mangold Liesl Doris,
  • Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr.Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang.

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......