Tesla Cybertruck-yň bahasyny birbada 20 müň dollar arzanlatdy

  • 11.10.2024 12:05
  • 8.8k+

Tesla häzirki wagtda adaty tekerleri doly hereketli model üçin 80 000 dollar bahasy bolan Cybertruck kysymly pikapyň has elýeterli görnüşini hödürledi. Insideevs-iň habar bermegine görä, bu Foundation Series-iň öňki wersiýasyndan 20 müň dollar arzan.

Bu ädim awtoulagyň giň köpçülige elýeterliligini giňeldýär.
Kompaniýa birnäçe ýyl ozal Cybertruck üçin deslapky sargytlary kabul edip başlapdy we 2020-nji ýyla çenli sargytlaryň sany 535 000-e ýetdi. Bu modeliň üýtgeşik dizaýnyna we häsiýetnamasyna gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär.
Tesla-nyň baş direktory Ilon Mask öňünden modeliň şowsuzlyga uçramagynyň mümkindigi özüni aladalandyrmaýandygyny aýtdy.

“Dogrymy aýtsam, Cybertruck-yň şowsuzlyga uçramak ähtimallygy hemişe-de bar, sebäbi ol beýlekileriň hiç birine-de asla meňzänok. Maňa bary bir. Başgalar halamasa-da, men ony gaty gowy görýärin. Beýleki pikaplar şol bir zadyň nusgalaryna meňzeýär, emma Cybertruck geljekden gelen gaýry planetalylar  tarapyndan ýasalan ýaly "-diýdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......