Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 11.10.2024 08:52
  • 7.2k+

10-njy oktýabr Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Tatarystan Respublikasy ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu babatda ylym, bilim, medeniýet ugurlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary, medeniýet işgärleri ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlara, döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.


şu gün 16:30
292

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
568

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......