Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

  • 11.10.2024 08:35
  • 6k+

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döredijilik wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikde geçirilýän medeni çäreler bu ulgamda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Myhman Türkmenistanda ylym ulgamynyň ösdürilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......