Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ermenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 11.10.2024 08:28
  • 5.2k+

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar. Netijeli ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bu ulgamda, şol sanda söwda, energetika, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleri bar. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýär. Şunda medeni alyşmalaryň işjeňleşdirilmeginiň, bilelikdäki döredijilik çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň bu ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......