Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekdi

  • 10.10.2024 19:28
  • 7.1k+

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

  • – Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «TDH» bilen «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» PHW-de RGP arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – 2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Meýilnamasy;
  • – «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Aktau deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • – «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Kazpoçta» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara poçta ugratmalaryny eltip bermek boýunça Ylalaşyk;
  • – «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «КазМунайГаз» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • – «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «QazaqGaz milli kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň arasynda arhiw işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe bazaryny dolandyrmak we ösdürmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Raýat awiasiýasy komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiň arasynda sanlaşdyrmak we maglumat tehnologiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Ýolagçylaryň we ýükleriň halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Teswirnama;
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, logistika we üstaşyr babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
  • – 2025-2027-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy we köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Hemmetaraplaýyn Maksatnama;
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk.

Şeýle hem ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....