Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler

  • 10.10.2024 19:12
  • 8.9k+

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky Köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Prezident Serdar Berdimuhamedow garşylady.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi “Rowaç” zalyna çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň şu ýylda eýýäm bäşinji duşuşygydyr. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigine, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabada gelmäge çakylygy we m ähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystan üçin Türkmenistanyň örän ýakyn ýurtdugyny we strategik hyzmatdaşdygyny nygtady. Gazagystanyň Lideri şeýle hem ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigini belledi. Bu duşyşyklar köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Gazagystan energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary aýratyn bellenildi.

Ynanyşmak we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljegi uly meýilnamalar bilen baglylykda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, ählumumy töwekgelçiliklere hem-de howplara garşy göreşmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, häzirki döwürde biz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejelerde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Gazagystan Respublikasy bu ulgamda ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, hökümet hem-de dolandyryş edaralary boýunça toplanan tejribä ýokary baha berdi. Umuman, bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hil taýdan gowulanyp, yzygiderli ösýär.
Şunuň bilen birlikde, iki tarapyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak üçin şertleriň köpdügi bellenildi. Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we giňeltmegi zerur hasaplaýar. Biziň umumy işimizde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan «Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý» gazgeçirijisini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazagystanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdelerini ibermegi we üstaşyr geçirmegi düýpli artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Biz Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmekde Türkmenistan bilen Gazagystanyň giň mümkinçilikleriniň bardygyndan ugur alýarys. Merkezi Aziýanyň çäklerinden esasy transkontinental geçirijileri çekmegiň zerurdygy baradaky başlangyç bilen doly ylalaşýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Biziň ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edip biljek beýleki ugurlaryň arasynda agrosenagat toplumyny, himiýa senagatyny, maşyngurluşygyny, dokma önümçiligini we birnäçe beýleki pudaklary görkezip bilerisdiýip, döwlet Baştutany belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow türkmen-gazagystan serhetýaka söwdasynyň zolaklaryny döretmegiň hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, şol sanda oba hojalyk we durmuş tehnikalaryny, azyk harytlaryny, gurluşyk serişdelerini, şonuň ýaly-da nebit himiýasynyň önümlerini özara ibermegi giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekmek dabarasyndan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlendiler.


şu gün 00:53
322

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 23:17
3.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň...

31.01.2026 11:33
948

Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

31.01.2026 09:07
2.3k+

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi...