Alymlar nebit turbalaryny poslamakdan goramak üçin almany ulanmagy teklip edýärler

  • 10.10.2024 10:53
  • 5.6k+

Alymlar nebit turbalaryny poslamakdan goramak üçin täze örtük döretdiler. Bu örtügiň düzüminde almada bar bolan pektin maddasy bilen durnuklaşdyrylan misiň we kümşüň bimetal mikrobölejikleri ulanylýar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Immanuel Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň (BFU) hünärmenleri Gündogar-Gazagystan Tehniki Uniwersitetinden bolan kärdeşleri bilen bilelikde barlaglaryň netijeleri bilen Journal of Ecological Engineering žurnalynda tanyşdyrdylar.

“Synaglar şeýle bölejikleriň kükürdi öz içine alýan organiki birleşmeleri netijeli baglanyşdyrýandygyny görkezdi. Kükürt atomlaryny özünde saklaýan maddalar nebitde bolup, metallaryň poslamagyna sebäp bolýandygy sebäpli, ösüş turbageçirijileri we nebit bilen baglanyşykly beýleki enjamlary wagtyndan öň zaýalanmakdan goramaga kömek eder "-diýip, metbugat gullugynda bellediler.

Alymlar tiol we tioefir ýaly, kükürdi öz içine alýan maddalaryň metallaryň ýüzünde sulfidleriň emele gelmegine sebäp bolýandygyny, munuň bolsa turbalaryň berkligini peseldýändigini düşündirdiler.
Bimetal mikrobölejikleriniň ulanylmagy nebit turbalarynyň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Mis bilen kümüş, kükürt bilen täsirleşip, poslama sebäp bolýan birleşmeleri özüne çekýär. Alma pektini bu bölejikler üçin stabilizator hökmünde ulanyldy, bu olaryň erginde durnuklylygyny üpjün edýär.
Synaglar teklip edilýän örtügiň turbageçirijileri goramak üçin ekologiýa taýdan arassa çözgüt bolup biljekdigini görkezdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....