Antarktidada gök zolaklaryň meýdany soňky 35 ýylda 10 esse artdy

  • 09.10.2024 23:40
  • 9.1k+

Ekseter uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) barlagçylary soňky onýyllyklaryň dowamynda Antarktidada ösümlikleriň has çalt ösýändigini mälim etdiler, diýip Eurekalert habar berýär.

Hemra arkaly synlaýyş maglumatlarynyň seljermesi 1986-njy ýyldan bäri ösümlikleriň eýeleýän meýdanynyň 1 inedördül kilometrden 12 inedördül kilometre çenli köpelendigini görkezdi. Gök zolaklaryň aýratyn ösüşi (30%) 2016-njy ýylda hasaba alyndy.
Antarktidanyň umumy meýdanynyň 500 müň inedördül kilometre barabardygyna garamazdan, alymlar gök zolaklaryň köpelmegi barada alada edýärler. Hünärmenler muny, planetanyň beýleki ýerlerine garanyňda, global ýylamanyň bu ýere has köp täsir edýänligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Alymlar keseki ösümlik görnüşleriniň Antarktidanyň täsin ekosistemasyna aralaşmagy we oňa ep-esli zyýan ýetirip biljekdigi barada alada edýärler.


24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....