Aşgabatda käbir ýolagçy awtobuslarynyň ugurlary üýtgedi

  • 09.10.2024 13:53
  • 20k+

9-njy oktýabrdan başlap, Aşgabatda №18, №32 we №46 awtobus ugurlary täze ugur boýunça hereket edip başlady. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, awtobus hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgeýär:

  • «Parahat - Howa menzili» №18 awtobus ugry N.Andalyp köçesinden Görogly köçesine tarap gönükdiriler.
  • «Awtokombinat - Kardiologiýa merkezi» №32 awtobus ugry indi Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar.
  • «Gurtly - Halkara nebit we gaz uniwersiteti» №46 awtobus ugry bolsa ugruny N.Andalyp köçesinden Arçabil şaýoly aýlawyndan günbatar tarapa Türkmenbaşy-Arçabil şaýollarynyň aýlawyndan gündogarlygyna aýlanyp "Mukamlar" köşgüne we "Nebit we Gaz uniwersiteti" duralgasyna, yzyna gelen ýoly bilen N.Andalyp köçesinden gaýdar.

13.05.2026 09:01
3.7k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....