Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

  • 09.10.2024 12:00
  • 2k+

7-9-njy oktýabrda Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär.

Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti geçirildi. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Kino sungatyna sarpa goýýanlar «Aşgabat» kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly kino filmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Şu gün, 9-njy oktýabrda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konsertine tomaşa edip bilerler. Medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......