Alymlar Aýdaky astronawtlar üçin dessin aragatnaşyk ulgamynyň üstünde işleýärler

  • 07.10.2024 23:43
  • 3k+

Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Aýdaky astronawtlar üçin dessin aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň üstünde işleýärler. NASA-nyň “Artemida” maksatnamasynyň çäklerinde Aýyň günorta polýusynda ýokary töwekgelçilikli şertlere gözegçilik etmek we halas etmek üçin tehnologiýany ulanmak meýilleşdirilýär diýip, Phys.org neşirinde çap edilen barlagda aýdylýar.

Ulgam kosmonawtlara Ýere ýa-da Aý bazalaryna maglumat iberýän hemralar toplumyny ulanyp, heläkçilik signallaryny ibermäge mümkinçilik berýär. Taslama gözleg we halas ediş üçin Ýerde ulanylýan COSPAS-SARSAT tehnologiýasynyň uýgunlaşdyrylan görnüşini ulanýar.
Taslamanyň ýolbaşçysy doktor Mark Raýsyň sözlerine görä, ulgam kraterler ýa-da daglyk ýerler ýaly, kyn ýerlerde-de 10 sagatlap üznüksiz aragatnaşygy üpjün eder.
Ulgam pes kuwwatly heläkçilik maýaklary we minimal infrastruktura şertlerinde işlemek üçin döredildi. Ol kosmos missiýalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm elemente öwrüler we beýleki planetalarda şuňa meňzeş ulgamlar üçin esas bolup biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....