Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 07.10.2024 11:45
  • 2k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy.

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşykda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki özara gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm ugurlardaky ÝB-niň taslamalarynyň netijeliligini bellediler.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sebit howpsuzlygy we ösüş meseleleri, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» we sanly özgertmeler, energetika we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk bellenildi.
Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmegiň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam berjekdigini nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....