Bişkekde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

  • 07.10.2024 11:41
  • 1.9k+

Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahatda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Gölliýew çykyş edip, döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.
Çärä Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ministrleriniň orunbasarlary, Bişkek şäheriniň esasy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intellegensiýasy we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.


şu gün 22:10
346

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

şu gün 21:13
800

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

şu gün 15:47
5.2k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

şu gün 12:26
615

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......