Alymlar 100 müňden gowrak ösümlikleriň heniz öwrenilmänkä ýitip biljekdigini aýdýarlar

  • 06.10.2024 12:27
  • 7.2k+

Botanikaçylar dünýädäki “garaňky zolaklar” diýilýän 33 sebitde 100 000-den gowrak öwrenilmedik ösümlik görnüşini ýüze çykardylar. New Phytologist žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, bu görnüşleriň ep-esli bölegine ýok bolmak howpy abanýan bolmagy mümkin diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Barlag Beýik Britaniýadaky Korolyň Botanika bagy tarapyndan geçirildi.
Alymlar ýazyp beýan edilmedik ösümlikleriň dörtden üç böleginiň öwrenilmänkä ýitip biljekdigini duýdurýarlar. Şol bir wagtda olar täze dermanlary, ýangyç çeşmelerini we beýleki innowasiýalary ösdürmek mümkinçiligine eýe bolup bilerler.
Korolyň botanika bagynyň ylmy bölüminiň müdiri, professor Aleksandr Antonelli ösümlikleriň tapylmagyny we häsiýetlendirilmegini çaltlaşdyrmagyň tebigaty goramak boýunça netijeli çäreleri meýilnamalaşdyrmak üçin zerurdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, takyk maglumat bolmasa biodürlüligi gorap saklamak üçin haýsy sebitleriň goralmalydygyny kesgitlemek kyn.
Beýan edilmedik  görnüşleriň köpüsi Aziýada, esasanam Sumatra adasy, gündogar Gimalaý daglary we Wýetnam ýaly sebitlerde ýerleşýär. Afrikada Madagaskarda we Kap welaýatynda, Günorta Amerikada bolsa Kolumbiýada, Peruda we Braziliýanyň günorta-gündogarynda bellendi.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......