Hyundai we Kia akkumulýatorlary öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredýärler

  • 06.10.2024 10:55
  • 3.7k+

Hyundai Motor we Kia Motors litiý-demir-fosfat (LFP) akkumulýatorlary üçin katod materialyny öndürmekde täze tehnologiýany işläp düzmäge başladylar diýip, ITHome habar berýär.

Taslama Hyundai Motor Group, Kia Motors, Hyundai Steel we katod materiallary bazarynda esasy kompaniýa bolan EcoPro BM-iň gatnaşmagynda döredilýär. Başlangyç Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energiýa ministrligi tarapyndan goldanýar.
Taslamanyň maksady importa garaşlylygy azaltmak, şeýle hem elektromobiller pudagynda tehnologiki bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Hyundai Motor we Kia-nyň gözlegler bölüminiň başlygy Sunjun Ýung akkumulýatorlary üpjün etmekde netijeli zynjyry döretmegiň we ösen tehnologiýalary ösdürmegiň elektromobiller bazarynyň geljegi üçin wajypdygyny aýtdy.
Katod materiallaryny öndürmegiň adaty prosessi demriň fosfatyna we sulfatyna litiýniň goşulmagyny öz içine alýar. Hyundai Motor hyzmatdaşlygyň polat-litiý, akkumulýator we awtoulag pudaklarynyň işini birleşdirýändigini aýtdy.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....