Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi

  • 03.10.2024 23:58
  • 11k+

3-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdyrlar diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti myhmana Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryş platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny bellediler.
Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda  köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen bilelikde Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu geçelgeleriň Ýewraziýa kontinentiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Biz Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutany nygtady we türkmen tarapynyň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......