Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

  • 03.10.2024 14:44
  • 3.4k+

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň DIM-niň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili täze neşiriň türkmen-gruzin medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pukdalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Çäräniň barşynda Gruziýanyň ýazyjylarynyň, alymlarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.
Çärä gatnaşyjylar şahyryň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny bellediler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze neşiriň üsti bilen gruzin dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna ynam bildirdiler.


şu gün 22:10
346

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

şu gün 21:13
800

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

şu gün 15:47
5.2k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

şu gün 12:26
615

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......