Türkmen gümrükçileri Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça ýapon kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar

  • 03.10.2024 14:32
  • 3.4k+

Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt edarasynyň hünärmenleri türkmen kärdeşlerini Ýaponiýanyň Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Bu babatda sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda habar berdiler.

Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy halkara derejesinde ykrar edilen hyzmatdaşlar maksatnamasynyň ölçegidir. Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy halkara söwdasynyň subýekti bolup, olara belli bir talaplara laýyk gelýän adamlar hökmünde gümrük amallarynda we gümrük gözegçiliginde ýeňillikler berilýär. Olar Bütindünýä gümrük guramasynyň ölçeglerine we haryt ibermek ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýän ýörelgelere laýyklykda hereket edýärler.
Okuw Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we salgyt müdirliginiň YYO maksatnamasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi, şol sanda özara ykrar etmek barada ylalaşyga gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy. Ýapon tarapy gümrük işleriniň beýleki ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny mälim etdi. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......